Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýä Geldi

Ali Asadow ilki bilen Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen duşuşdy.

2136977
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýä Geldi

Duşuşykda iki ýurduň arasynda bar bolan gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk şertleri seljerildi.

Özara we toparara duşuşyklardan soň Ýylmaz we Asadow Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady toparyň teswirnamasyna gol çekip, bilelikde metbugat ýygnagyny geçirerler.

Ýylmaz we Asadow Türkiýäniň Biržalar we söwda bileleşik birleşmesinin merkezi ofisinde Türkiýe-Azerbaýjan İşewürlik Maslahatyna gatnaşarlar.

Azerbaýjanyň Peremýer-ministri Prezident R.T.Erdogan tarapyndan hem kabul ediler.



Degişli Habarlar