Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýede Saparda Bolýar

Jewdet Ýylmaz, özara söwda mukdaryny 15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini belledi.

2137135
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýede Saparda Bolýar

Ali Asadow ilki bilen Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda bar bolan gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk şertleri seljerildi.

Özara we toparara duşuşyklardan soň Ýylmaz bilen Asadow Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky Bilelikdäki ykdysady toparyň teswirnamasyna gol çekip, bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Jewdet Ýylmaz, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasındaky özara söwda mukdarynıň 7,5 milliard barabar bolandygyny aýtdy.

“Azerbaycanyň söwda taýdan esasy hyzmatdaşy bolmakdan hoşal” diýen Jewdet Ýylmaz, özara söwda mukdaryny 15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini belledi.

Ýylmaz we Asadow Türkiýäniň Biržalar we söwda bileleşik birleşmesinin merkezi ofisinde Türkiýe-Azerbaýjan Işewürlik Maslahatyna gatnaşarlar.

Azerbaýjanyň Peremýer-ministri Prezident R.T.Erdogan tarapyndan hem kabul ediler.



Degişli Habarlar