Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Almatyda Duşuşar

Jeýhun Baýramow bilen Ararat Mirzoýan 10-njy maýda Gazagystanyň Almaty şäherinde duşuşar.

2135955
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Almatyda Duşuşar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan, ýurtlarynyň arasynda dowam edýän parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde 10-njy maýda Gazagystanyň Almaty şäherinde duşuşar.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýhan Hajyzade X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Ozal gazanylan ylalaşyga laýyklykda Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan 10-njy maýda Gazagystanyň Almaty şäherinde duşuşar”diýdi.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, 1-nji maýda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçirilýän gepleşikleriň depgininiň güýçlendirilmegi maksady bilen iki ýurduň daşary işler ministriniň ýurdunda duşuşmagy boýunça taraplaryň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirýändigini mälim edipdi.

Tokaýew, 15-nji aprelde Ermenistana guran resmi saparynyň çäginde Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyna goldaw berýändiklerini we bu meselede jogapkärçilik almaga taýardyklaryny aýdypdy.



Degişli Habarlar