Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Gazada ýogalanlaryň sany 34 müň 789 adama ýetdi.

2136437
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 34 müň 789 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 214 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 6 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 54 palestinalynyň ýogalandygy, 96 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 34 müň 789 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 78 müň 204 adama ýetendigi ýatladyldy.

 


Etiketkalar: #Palestina , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar