Hytaýda hassahanada pyçakly hüjüm guraldy

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Ýunnan ştatyndaky hassahanalaryň birinde guralan pyçakly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy

2136421
Hytaýda hassahanada pyçakly hüjüm guraldy

Hytaýyň Şinhua habarlar agentliginiň habaryna görä, Ýunnan ştatynyň Jaotong welaýatyndaky Jynşiong etrabynyň Halk hassahanasynda pyçakly hüjüm guraldy.  

Ýerli resmiler hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 10 adamyň ýogalandygyny, hüjümçiniň göz tussaglygyna alynandygyny we waka bilen baglanşykly derňew işiniň dowam edýändigini habar berdiler. 

Ýunnan ştatyna goňşy bolan Guijou ştatynda ýaýlyma berilýän Guizhou TV telewideniýe kanaly bolsa sosial media hasabyndan hüjümde 23 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #pyçakly hüjüm , #Hytaý

Degişli Habarlar