Maduro, Rus Lideri Putini Gutlady

“Wenesuelanyň halkynyň adyndan 5-nji gezek Russiýa Federassiýasynyň döwlet Ýolbaşçylygyna saýlanan Putini gutlaýaryn"

2136840
Maduro, Rus Lideri Putini Gutlady

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, resmi taýdan wezipesine başlamagy mynasibetli Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini gutlady.

Maduro sosial mediadan beren habarnamasynda “Wenesuelanyň halkynyň adyndan 5-nji gezek Russiýa Federassiýasynyň döwlet Ýolbaşçylygyna saýlanan Putini gutlaýaryn. Aýgytly ädimler bilen öňe barýan rus halkyna uly sarpa goýýaryn” diýdi.

Putin hakynda öwgüli sözler aýdan Maduro “Ol dünýäniň iň güýçli liderlerinden biridir. Putin, Russiýa Federassiýasyny dünýäniň iň güýçli ýurtlaryndan birine öwürdi. Wenesuelanyň halky Putini halaýar we oňa goldaw berýär we sarpa goýýar” diýdi.

Wladimir Putin, paýtagt Moskwada Kreml köşgünde düýn kasam edip 5-nji gezek Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy wezipesine başlady.

 



Degişli Habarlar