Nobatda Epidemiýa Akyl Saglygy

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa boýunça sebitleýin Direktory Gans Klýuge akyl saglygy meselelerini “nobatdaky epidemiýa” hökmünde atlandyrdy.

2136534
Nobatda Epidemiýa Akyl Saglygy

Türkiýäniň dürli şäherlerinde duşuşyklar geçirmek we çarelere gatnaşmak üçin 5 günlük saparynyň çaginde Stambula gelen Gans Klýuge metbugata beýanat berdi.

Globallaşmanyn täsiri bilen adamlaryň arasyndaky gatnaşygyň, haýwanlar bilen adamlaryň arasyndaky gatnaşygyň we tokaýsyzlaşmanyň artýandygyna ünsi çeken Klýuge, muňa garamazdan howsala düşman gowy taýýarlyk görmegiň we arkalaşykly bolmagyň möhümdigini aýtdy.

Klýuge Ýewropa bileleşigine agza ýurtlarda 6 adamdan 1-niň alada, meseleler we ukysyzlyk ýaly kynçylyklary başdan geçirýändigine ünsi çekdi.

Adamlaryň howa meselesinde aladalydygyny, Russiýa-Ukraina we Ysraýyl-Gaza söweşlerinden biynjalykdygyny beýan eden Klýuge; “Perma-krizis diýilýän döwri başdan geçirýaris. Yzgiderli häsýetde çökgünlik bar we ol adamlaryň akyl saglygyna zyýanly täsir ýetirýär” diýdi.

Gans Klýuge; “Akyl saglygy meselelerini “nobatdaky epidemiýa” hökmünde atlandyrýaryn. Dünýäniň ähli ýerinde, esasanda Kowid-19-da ýaşlar hem çäklendirilipdi we ol, adamlaryň akyl sagdynlygyna zyýanly täsir ýetirýär. Ýaşlarda uly alada we ukysyzlyk meselesi bar” diýdi.



Degişli Habarlar