Owganystan Sil Betbagtçylygyna Garşy Göreşýär

Ghor welaýaty bilen Hyrat şäherinde aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli 8 adam ýogaldy.

2136309
Owganystan Sil Betbagtçylygyna Garşy Göreşýär

Owganystanda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli 19, ýyldyrym kakmagy sebäpli hem 7 adam ýogaldy.

Ghor welaýaty bilen Hyrat şäherinde aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli 8 adam ýogaldy.

Owganystanyň Tebigi apatlara garşy göreş gullugyndan berlen beýannamada, sil sebäpli 142 gekdarlyk ekin meýdanynyň suwyň aşagynda galandygy we 11 müň 450 haýwanyň gyrlandygy bellenildi.

Beýannamada, sil sebäpli 189 ýaşaýyş jaýynyň ýykylandygy nygtaldy.

Beýannamada, Hyrat şäherinde bolsa sil sebäpli 30-a golaý öýüň dolulygyna ýykylandygy, şol bir maşgaladan 4 adamyň ýogalandygy ýatladyldy.

Ghoryň Ghahar Sada we Marghab etrapçalarynyň arasyndaky ýol gatnawa ýapyldy, 500 maşgala howpsuz ýere göçürildi.

Owganystanyň Göç we bosgunlar ministrligi, öýlerini terk edenleriň daglarda ýaşaýandygyny we gyssagly kömege garaşýandyklaryny mälim etdi.

Ministrlik betbagtçylykda ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigi barada duýduryş berdi.

Uruzgan welaýatynda bolsa ýyldyrym kakmagy sebäpli 7 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.


Etiketkalar: #sil , #Owganystan , #ýyldyrym

Degişli Habarlar