Rafah Gümrük Geçelgesi Ýapyldy

“Häzirki wagtda Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmeginde esasy rol oýnaýan iki geçelge hem ýapyk”

2136569
Rafah Gümrük Geçelgesi Ýapyldy

BMG, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Rafah gümrük geçelgesiniň iki taraply ýagdaýda ýapylandygyny habar berdi.

BMG-nyň Ynsanperwer kömek işlerinden jogapkär gullugynyň metbugat sekretary Ýens Laerke, Ysraýylyň harby goşunynyň Gazanyň Rafah şäherine gury ýer hüjümini gurap gözegçiligi ele geçirendigi sebäpli Rafah gümrük geçelgesiniň iki taraply ýagdaýda ýapylandygyny aýtdy.

Laerke “Rafah gümrük geçelgesi indi Ysraýylyň harby goşunynyň gözegçiliginde we geçelge iki taraply ýagdaýda ýapyldy” diýdi.

Kerem Abu Şalom gümrük geçelgesiniň hem ýapykdygyny aýdan Laerke “Häzirki wagtda Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmeginde esasy rol oýnaýan iki geçelge hem ýapyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar