Rafaha Guralýan Hüjümler Dowam Eder

"Rafaha we Gaza Sektoryna garşy guralýan hüjümler Hamas dolulygyna ýok edilýänçä we ýesirler yzyna dolanýança dowam eder”

2136767
Rafaha Guralýan Hüjümler Dowam Eder

Ysraýylyň Goranmak ministri Ýoaw Gallant, öýlerini terk eden palestinalylaryň ýaşaýan ýeri bolan Gaza Sektorynyň günortasynda ýerleşýän Rafaha garşy guralýan hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdy.

Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Ýoaw Gallant, sebitdäki hüjümlere goldaw bermek maksady bilen Rafahy bombalaýan harby merkeze baryp gördi.

Harby merkezden esgerler bilen duşuşan Gallant, öňňin Ysraýylyň harby goşunyna Rafaha hüjüm guralmagy üçin görkezme berendigini nygtady.

Rafah gümrük geçelgesiniň hem basylyp alynmagy üçin görkezme berendigini ýatladan Gallant, "Rafaha we Gaza Sektoryna garşy guralýan hüjümler Hamas dolulygyna ýok edilýänçä we ýesirler yzyna dolanýança dowam eder” diýdi.

Ysraýylly ýesirleriň boşadylmagy üçin “egilşik etmäge taýardyklaryny” öňe süren Gallant, ýesir çalşygyna çenli Gaza guralýan hüjümleriň artmak bilen dowam etjekdigini belledi.

Hamasyň syýasy lideri İsmail Haniýýe, Katara we Müsüre, Gaza Sektorynda hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşyk teklibini kabul edýändigini mälim edipdi.

Hamasyň şol beýannamasyna garamazdan Ysraýyl Rafaha hüjüm guralmagy barada karar kabul etdi.

 

 


Etiketkalar: #Gaza Sektory , #Rafah , #Ysraýyl

Degişli Habarlar