Russiýa Ýadro Türgenleşigini Geçirer

Türgenleşigiň haçan geçiriljekdigi barada bolsa hiç hili maglumat berilmedi.

2136078
Russiýa Ýadro Türgenleşigini Geçirer

Russiýanyň Goranmak ministrligi, harby goşunyň ýadro ýaraglarynyň ulanylmagy boýunça harby türgenleşik geçirjekdigini habar berdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň tabşyrygy boýunça, strategik bolmadyk ýadro ýaraglarynyň taýarlanşy we ulanylmagy boýunça türgenleşik geçirjekdigi nygtaldy.

Beýannamada, “Türgenleşigiň, günbatarly käbir ýurtlaryň hemleli beýannamalaryna jogap hökmünde, rus ýadro güýçleriniň taýarlyk mümkinçiliginiň artdyrylmagy, ýurduň territorial bitewiliginiň we özygtyýarlygynyň goralmagy maksady bilen geçiriljekdigi” ýatladyldy.

Beýannamada, türgenleşigiň Günorta harby zolakda raketa, howa we deňiz güýçleriniň gatnaşmagynda geçiriljekdigi bellenildi.

Türgenleşigiň haçan geçiriljekdigi barada bolsa hiç hili maglumat berilmedi.

 



Degişli Habarlar