Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Russiýa, Kiýew bilen birlikde 6 şähere 55 raketa we 21 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady

2136793
Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Russiýa, düýn gije Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň başda durmagynda birnäçe şähere uçarmansyz howa ulaglary we raketalar bilen hüjüm gurady.

Ukrainanyň Howa güýçleri, Russiýanyň paýtagt Kiýew bilen birlikde 6 şähere 55 raketa we 21 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Raketalaryň 39-niň, uçarmansyz howa ulaglarynyň bolsa 20-niň howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Ukraina, hüjümlerde 3 elektrik bekedine zeper ýetirlendigini habar berdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial mediadan beren habarnamasynda, hüjümleri berk ýazgardy.

 

 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #Kiýew

Degişli Habarlar