ÝUNİSEF Gazanyň Rafah Şäherinde Çagalaryn Öldürilmeli Däldigini Beýan Etdi

BMG-niň Çagalara kömek gaznasynyň (ÝUNİSEF) Metbugat sekretary Elder Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Gazanyň Rafah şäherindäki çagalaryň öldürilmeli däldigini beýan etdi.

2136598
ÝUNİSEF Gazanyň Rafah Şäherinde Çagalaryn Öldürilmeli Däldigini Beýan Etdi

Metbugat sekretary Elder: “Rafahdaky çagalar üçin hüjümleriň bes edilmegi zerur” diýdi.

Jeýmes Elder we Adam hukuklary ofisiniň metbugat sekretary Rawina Şamdasan BMG-niň Ženewadaky ofisiniň hepdelik metbugat ýygnagynda Ysraýylyň goşunynyň Rafaha gury ýer hüjümini guramagy hakynda garaýyş beýan etdiler.

Elder Rafahyň “çagalar şäheridigini” we Gazadaky çagalaryň ýarysyndan gowragynyň ol ýerde ýaşaýandygyny nygtady.

Rafahdaky ýaşaýyş şertleriniň iňňän agyrdygyna ünsi çeken Elder; “Rafahdaky her 850 adama bir hajathana düşýär. Rafah gümrük geçelgesi ýapyk galmaga dowam etse, Gazadaky gytçylygyň öňüni almak kyn” diýdi.

Elder hepdäniň ahyrynda Gazada çagalaryň öldürilmäge dowam edilendigini we Ysraýylyň Rafahdaky asuda ilatyň çykmagyny isländigini ýatladyp; “Ol, çaknyşygyň taraplarynyň çagalar bilen asuda ilatyň janyna nähili biperwaý garamaga dowam edýändigini açyk-aýdyň görkezýär” diýdi.

Gaza uly göwrümli ynsanperwer kömegiň ýetirilmelidigini nygtan Elder; “Rafah basylyp alynmaly däl we indi çagalar öldürilmesin. Rafahdaky çagalar üçin hüjümleriň bes edilmegi zerur” diýdi.

Şamdasan bolsa Rafahdaky adamlaryň mejbury göçürilmeginiň halkara hukuk kadalaryna garamazdan dowam etdirilýändigi bilen bagly “güýçli delilleriň” bardygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar