Wladimir Putin şu gün kasam edip wezipesine başlar

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin şu gün kasam edip wezipesine girişer

2136093
Wladimir Putin şu gün kasam edip wezipesine başlar

Russiýada mart aýynda geçirilen we gatnaşygyň 77 göterim bolan Prezident saýlawynda sesleriň 87,28 göterimini alan Wladimir Putin, 7-nji maýda Kreml köşgünde geçiriljek dabara bilen kasam eder we ýene-de 6 ýyl dowam etjek wezipesine başlar. 

Putiniň kasam etmegi bilen hökümediň başyndaky häkimiýet hem işinden boşadylar. 

2020-nji ýylda konstitutsiýa girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, indi täze hökümet Russiýanyň Parlamendiniň tassyklamagy bilen wezipä girişer. 

Wladimir Putin kasam edilşik dabarasyndan soň täze hökümediň esaslandyrylmagy üçin premýer ministr wezipesine dalaşgär boljak adamy Russiýanyň Parlamentiniň aşakgy şahasy Dumada deputatlaryň tassyklamagyna hödürlär.


Etiketkalar: #Wladimir Putin , #Russiýa

Degişli Habarlar