Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar

Gazada ýogalanlaryň sany 34 müň 844 adama ýetdi.

2137049
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 34 müň 844 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 215 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 7 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 55 palestinalynyň ýogalandygy, 200 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 34 müň 844 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 78 müň 404 adama ýetendigi ýatladyldy.


Etiketkalar: #bombalamak , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar