Ministr Mehmet Şimşek ABŞ-na Gitdi
Mehmet Şimşek, Halkara pul gaznasynyň Baharky maslahatyna gatnaşar
Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek, Halkara pul gaznasynyň Baharky maslahatyna we G-20-a agza ýurtlaryň Maliýe ministrleriniň we merkezi banklaryň başlyklarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gitdi.
Halkara pul gaznasy we Bütin dünýä banky tarapyndan her ýyl geçirilýän we halkara ykdysady meselelere garalýan baharky maslahaty başlady.
ABŞ-nyň Waşington şäherde geçirilýän, Halkara pul gaznasynyň we Bütin dünýä bankynyň baharky maslahaty 20-nji aprele çenli dowam eder.
Maslahatda Türkiýä Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek wekilçilik eder.
Ministr Şimşegiň iş saparynyň çäginde Halklara Finans instituty tarapyndan geçiriljek foruma hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Degişli Habarlar
Gündogar Gara Deňiz Sebitiniň Önümleri 120 Ýurda Eksport Edildi
Eksport edilen önümleriň sanawynda 258 million 101 müň 314 dollar bilen funduk esasy orun eýeledi.