Türkiyäniň eksport girdejisi aprel aýynda 19 milliard dollardan geçdi

Şoňa laýyklykda Türkiyäniň eksport girdejisi aprel aýynda 19 milliard 271 million dollar boldy

2135168
Türkiyäniň eksport girdejisi aprel aýynda 19 milliard dollardan geçdi

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat Stambulda 2024-nji ýylyň aprel aýynyň daşary söwda görkezijileri barada beýanat berdi. 

Şoňa laýyklykda Türkiyäniň eksport girdejisi aprel aýynda 19 milliard 271 million dollar boldy. 

Ýylyň ilkinji 4 aýynda Türkiyäniň önüm eksporty 2023-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 2,74 göterimlik artyş bilen, 82 milliard 873 million dollara ýetdi. 

Şol döwürde import bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 11 milliard dollar azaldy. Importdaky azalyş görkezijisi 9 göterim boldy. 


Etiketkalar: #import , #eksport

Degişli Habarlar