Türkiýe Bilen Wengriýanyň Söwda-Ykdysady Gatnaşyklary Hasam Ösdüriler

Bu barasynda Söwda ministri Ömer Bolat beýannama berdi.

2134814
Türkiýe Bilen Wengriýanyň Söwda-Ykdysady Gatnaşyklary Hasam Ösdüriler

Söwda ministri Ömer Bolat “Güýçli taryhy we medeni aranaglanşygy, düýpli ykdysady gatnaşyklary bolan Türkiýe bilen Wengriýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşykarymyzy hasam güýçlendireris” diýdi.

Ömer Bolat Fransiýanyň paýtagty Parižde Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatdan soň Wengriýanyň Dşaary işler we Söwda ministri Peter Siýýarto bilen duşuşandygyny beýan eden ministr Bolat, sosial media hasabyndan beren habarnamasynda “Güýçli taryhy we medeni aranaglanşygy, düýpli ykdysady gatnaşyklary bolan Türkiýe bilen Wengriýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşykarymyzy hasam güýçlendireris” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar