Kakawa Festiwaly Mynasybetli Edirnä Müňlerçe Syýahatçy Geldi

Edirne Kakawa festiwaly mynasybetli müňlerçe ýerli we daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi.

2135762
Kakawa Festiwaly Mynasybetli Edirnä Müňlerçe Syýahatçy Geldi
edirne kakava senlik.jpg
edirne kakava senlik.jpg
edirne kakava senlikleri.jpg

Syganlaryň Hydyrellezi kabul edilýän Kakawa, tebigatyň oýanyşy gutlamak we bereket dilegi bilen geçirilýän däp bolan festiwallardan biri.

Medeni syýahatçylygyň bahar aýyndaky esasy çarelerinden birine öwrülen Kakawa, sungaty söýüjileri özüne çekýär.

“Dünýäniň iň şadyýan adamlary” kabul edilýän syganlaryň öwüşgünli çärelerine gatnaşmak, şäherdäki öwüşgünli atmosferany görmek, Baba Fingo rowaýatyny ýerinde dinlemek isleýän müňlerçe syýahatçy şu ýyl ýene-de Edirnä geldi.

Edirne welaýatynyň häkimligi festiwala tomaşa etmek üçin şähere 90 müň adamyň gelendigini beýan etdi.

Anna güni başlan Edirne şäher häkimliginiň guran festiwalyň düýnki esasy üns çeken bölüminde Kakawa ody ýakyldy.

Festiwalyň şu günki meýilnamasynda daň agarmanka Tunka derýasynyň kenarynda jemlenşildi, arzuwdyr dilegleriň ýazylan kadyzlary derýa goýberildi. Günorta çağynda aýdym-saz toparlarynyň çykyşyndan soň festiwal ýapylar.

Kakawa “Baba Fingo” rowaýaty bilen ýylsaýyn ünsleri çekmäge dowam edýär.

Rowaýata görä Müsüriň Firawunynyň zulmuna sezewar bolan syganlaryň lideri Baba Fingo Firawunyň goşunyndan gizlenmek üçin Gyzyl deňize girýär we gaýdyp çykmaýar. Syganlar 6-njy maý güni ir-säher Baba Fingonyn derýadan çykjakdygyna ynanýarlar.



Degişli Habarlar