TRT-nyň 60 ýyllygyna bagyşlanyp internet saýty açyldy
TRT-nyň 60 ýyllygyna bagyşlanyp ýörite taýarlanyp açylan internet saýty "trt60yasinda.com" ýaýlym bermäge başlady
TRT tarapyndan berilen beýanata görä TRT-nyň 60 ýyllyk ýaýlymyndaky ýörelgeleri özünde jemleýän saýtda milli we halkara ýaýlymlar, sanly gollanmalar, tomaşa etmek boýunça rekord goýan ýaýlymlar we bilim ugry boýunça taslamalar bar.
Saýtda mundan başgada Türkiyäniň ýatdan çykarylmajak sesleri, ýüzleri we akyllarda galan taslamalar muşdaklaryň hyzmatyna hödürlenýär.
TRT-nyň baş müdüri Mehmet Zahid Sobajy, täze açylan internet saýty bilen bagly X hasabyndan beren beýanatynda: "Ýadymyzdan ylham alyp, geljege buýsanç bilen. 60-njy ýylynda TRT özgerýär, ösýär, güýçlenýär. 60-njy ýyl bilen bagly ýörite web saýtymyz ýaýlymda" diýip belledi.
Degişli Habarlar
L'austral Atlı Kruiz Gämisi Alanya Geldi
Gäminiň esası bölegi amerikalı 180 yolagçısı bilen 142 ekipažı bar.
“Next by TRT World Forum 2024” Başlaýar
Forumda gün tertibinde esasy orun eýeleýän meseleler seljerler.