Kuweýdiň Emiri Türkiýä Geldi

Kuweýtden Türkiýä emir derejesinde 7 ýyl soň ilkinji sapar guralýar

2136498
Kuweýdiň Emiri Türkiýä Geldi

Kuweýdiň Emiri Meşal al Ahmed al Jabir as Sabah, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 60-njy ýylynda Türkiýä geldi.

Prezident R. T. Erdogan, Jabir as-Sabahy paýtagt Ankarada Esenboga howa menzilinde garşylady.

16-njy dekabrda wezipesine başlan Kuweýdiň Emiri Sabah, Arap ýurtlaryndan daşary ilkinji resmi saparyny şu gün Türkiýä guraýar.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 60-njy ýylynda guralýan sapar, şol bir wagtda 7 ýyl soň Kuweýtden Türkiýä emir derejesinde guralýan ilkinji sapardyr.

Emiriň saparynyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler seljerler.

Iki ýurduň arasynda söwda, goranyş senagaty, syýahatçylyk we maýa goýum pudagy boýunça edilýän özara gatnaşyklar seljerler.

Saparyň çäginde taraplaryň arasynda täze şertnamalar baglaşylar.

 


Etiketkalar: #sapar guramak , #Emir , #Kuweýt

Degişli Habarlar