Kuweýdiň Emiri Türkiyä sapar gurar

Kuweýdiň Emiri Meşal al-Ahmed al-Jabir as-Sabah iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 60-njy ýylynda ertir Türkiyä sapar gurar

2136028
Kuweýdiň Emiri Türkiyä sapar gurar

16-njy dekabrda wezipä girişen Kuweýdiň Emiri Meşal al-Ahmed al-Jabir as-Sabah, Arap dünýäsinden daşary ilkinji daşary ýurt resmi saparyny Türkiyä gurar. 

Diplomatik gatnaşyklaryň 60-njy ýyllygynda guraljak sapar 7 ýyl arakesmeden soň Kuweýtden Türkiyä Emir derejesindäki ilkinji sapar aýratynlygyna eýedir. 

Emir Sabahyň saparynyň çäginde geçirjek duşuşyklarynda, Ysraýylyň gaza garşy guraýan hüjümleri başda bolmak bilen sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolsa söwda, goranyş senagaty, syýahatçylyk we maýa goýum ýaly ugurlar bolar. 

Şol çäkde taraplaryň arasynda täze ylalaşyklaryň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar. 


Etiketkalar: #Türkiye , #sapar , #Kuweýt

Degişli Habarlar