azerba-jany-meshur-datlysy-seki-pahlawa

Azerbaýjanyñ meşhur datlysy: Şeki Pahlawa

Azerbaýjanyñ taryhy şäherlerinden biri bolan Şeki, medeni gymmatlyklary we asyrlara döz gelen ýadygärlikleri, çeperçilik sungaty we lezzetli tagamlary bilen adamlaryñ gelim-gidimleri ýeri bolmaga dowam edýär.

25 Eylül 2021 21:49

Taýarlanyşy kyn bolan pahlawanyñ syryny paýlaşmaýan Şekilli ussalar, sargytlara ýetişmek üçin aşhanada irginsiz zähmet çekýärler.

Ilkinji tapgyrda tüwi unundan hamyr edilýar we hamyrlar inçe wermişel görnüşde kesilýär. Pahlawa üçin ilki saçyñ iñ aşagyna wermişel görnüşde inçe dogralan hamyrlar goýulýar. Üstüne islege görä maýda döwülen hoz ýada funduk sepilýär. Soñ  ýene üstüne inçe kesilen hamyrlar goýulýar. Safrandan taýarlanan ýörite suwuklyk pahlawanyñ ýüzüne sürülýär. Bu görnüşde 10 minut duhowkada biçirilýär. Bişen pahlawanyñ ýüzüne ozaldan taýarlanan şerbet dökülýär. Pahlawa bir gün geçeninden soñ taýar bolýar.

Azerbaýjanda hakyky şeki pahlawanyñ diñe bu şäherde taýarlanýandygyna ünsi çekýän ussalar dünýäde bu datlynyñ taýynyñ bolmadygyny aýdýarlar.

Şeki şäherine aýlanmaga gelen myhmanlar şeki pahlawasyny iýmän gaýdanoklar.

Habarlar