hindistanda-turk-dowletini-esaslandyran-zahyreddin-muhammet-babur-sa

Hindistanda türk döwletini esaslandyran Zahyreddin Muhammet Babur şa

Zahyreddin Muhammet Babur şa, Hindistanda beýik mogollar döwletini gurdy.

24 Eylül 2021 20:27

Zahyreddin Muhammet Babur , 1483-nji ýylda Özbegistanyň Andijan sebitinde dünýä indi. Kakasy Ömer Şeýh Mirza, Timur hanyñ üçünji ogly Miran Şahyň agtyklaryndan biri. Kakasynyñ ölüminden soñ 1494-nji ýýlda  12 ýaşyndaka Ferganada tahta çykýar.

Zahyreddin Muhammet Babur, 1519-njy ýylda Hindistana ilkinji saparyny gurady. Saparynyñ soñunda bolsa Owganystan, Pakistan we Hindistan topraklaryny ele saldy we Babur hanlygyny gurdy.

 Beýik mogollar döwleti, 1526-1858 ýyllar aralygynda Hindistanda höküm sürdi. bu döwlet Hindistanda häkimýet guran soñky türk döwletidir.

Zahyreddin Muhammet Babur şa 1530-njy ýylyñ 26-njy dekabrynda dünýeden ötdi. Agra şäherinde jaýlanan Babur şanyñ mazary, 1539-njy ýylda Kabuldaky Babur baglaryna göçürüldi we 1646-njy ýylda mazarynyñ üstüne kümmet guruldy.

Sungata uly ähmiýet beren we bir sungat adamsy bolan Zahyreddin Muhammet Babur şa özi hem bir şahyr we ýazyjydy. Köp sanda edebiýatçy Babur şanyñ Ali Şyr Nowaýydan soñ Çagataý edebiýatynyñ iñ esasy şahyry bolandygyny kabul edýärler. Köp sanda kitap ýazan Zahyreddin Muhammet Babur şa we Babur maşgalasynyñ ähli agzalary sungata we medeniýete uly ähmiýet beripdir.

Esasanam astronomiýa, edebiýat, binagärlik we sungat ugurlarynda  Beýik mogollar döwleti döwründe uly ösüş gazanyldy.

Beýik mogollar  binagärliginiň iň möhüm eseri, Şa Jahan tarapyndan gurlan Täj Mahaldyr. Şeýle-de Beýik mogollar binagärliginiñ iñ naýbaşy eserlerinden biri hasaplanýan Hünaýynyñ kümmeti,  Agra we Lahor Galalary ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä miras sanawynda orun alýar. 

Bu döwletiň miras galdyran binagärlik nusgalaryny diñe Hindistanda däl eýsem Pakistan, Owganystan we Bangladeşte hem duş gelip bolýar.

Habarlar