turki-ni-erzinjan-wela-atyny-kemali-e-etraby-unesko-ny-butindun-miras-sa

Türkiýäniñ Erzinjan welaýatynyñ Kemaliýe etraby, ÝUNESKO-nyň bütindünýä miras sanawyna goşulmak isleýär

ÝUNESKO-nyň wagtlaýyn miras sanawynda orun alýan Erzinjanyň Kemaliye etraby, köp sanly siwilizasiýa ýer eýeçiligi etdi. Biziñ eramyzdan öňki 3000-nji ýyllara degişli bolan taryhy-medeni gymmatlygy we tebigy gözelligi bilen ÝUNESKO-nyň bütindünýä miras sanawyna goşulmagy üçin uly tagalla edilýär.

18 Haziran 2021 19:44

Fransiýanyñ paýtagty Parižda geçirilen ÝUNESKO-nyň ýygnagynda kabul edilen karara laýyyklykda Türkiýäniñ Erzinjan welaýatynyñ Kemaliýe etrabynyñ wagtlaýyn miras sanawyna girizilmegi Kemaliýe ilaty tarapyndan uly şatlyk bilen garşylandy.

Kemaliýe etrabynda biziñ eramyzdan öñki 3000-nji ýyllara degişli bolan meşhur Garaňky kanýony bar. Bu etrapda Rim, Wizantiýa, Ilhanly, Akkoýunlu, Seljuk we Osmanly döwleti höküm sürdi.

Taryhda "jennet ýaly owadan bag" manysyny aňladýan “Egi” etrabynyñ ady, etrap ýaşaýjylarynyň Azatlyk söweşine beren goldawy mynasybetli Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan “Kemaliýe” ady bilen üýtgedildi.

Gadymy ýüpek ýoluñ ugrunda köp sanda siwilizasiýa ýer eýeçiligi edýän, arhitekturasy bilen Anadolynyñ medeni gurluşugyna uly goşant goşan Kemaliýe etraby, köp sanly taryhy binalaryň zamanamyza gelip ýeten gadymy oturymly ýerleriniň biridir.

Zamanamyzda taryhy binalary bilen siwilizasiýalaryň yzlaryny göterýän we köp sanly halkara festiwal we guramalaryñ geçirilýän Kemaliýe etrabynyñ ÝUNESKO-nyň bütindünýä miras sanawyna girizilmegi üçin tagalla edilýär.

Kemaliýe Medeniýet we Galkynyş Gaznasynyñ ýolbaşçysy Dr. Ferudun Çelikmen beren interwýusynda: “Kemaliýeniñ ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi köp ýyldan bäri bir hyýaldy. Kemaliýeniñ yzlaryny Hytaýda tapyp bilersiniz. Kemaliýe, Hytaýdan başlap Anadoly we Ortaýer deñzi arkaly ýewropa çenli uzap gidýän ýüpek ýolunyň ugrunda ýüpek gurçugy we tutuň ýetişýän şäherçesi diýip bilinýärdi. Tudana ýetiştirmek üçin ata-babalarymyz gaýalar bilen daşlaryň arasynda bent diwarlaryny gurupdyrlar. Kemaliýeniñ çuňňur medeniýetini dünýä mirasyna ýetireris diýip umyt edýäris”-diýdi.

Habarlar