turkleri-i-gadymy-saz-guraly-gopuz

Türkleriñ iñ gadymy saz guraly: Gopuz

Gopuz saz guralyñ Türk medeniýetinde aýratyn orny bar.

19 Haziran 2021 19:40

Gopuz, Merkezi Aziýadan gelip çykan türk saz guralynyň ady. Esasanam baglama ýaly Anadolydaky ençeme saz gurallaryň gopuzdan dörändigi gürrüñ berilýär. Bu sebäpdenem Türkleriñ iñ gadymy milli saz guraly diýip kabul edilýär.

Diwanü lugatit-Türk, türk medeni durmuşynda gopuzyň manysy, hili we ulanylyş ýerleri barada iň giňişleýin maglumatlary berýän çeşmedir. Kaşgarly Mahmud bu eserinde “kubuz” sözüniň ud saz guralyna  meňzeş bolan guralyň adydygyny ýazýar.

Gopuzyň, Gorkut Ata tarapyndan oýlanyp tapylandygy we mukaddes saz guraly bolandygy ynanjy bar. Gorkut ata hekaýalarynda gopuz Gorkut Ata ýada bir bagşy tarapyndan çalynýar. Bagşy gopuzy bilen gezer, ony ýanyndan aýyrmaz.  Bagşylaryñ çalýan üç perdeli gopuzyñ Gyrgyz halky üçin uly gymmaty bardyr.

Gyrgyz halkynyň medeniýetinde möhüm orny eýeleýän gopuz kanun bilen goralýar. Gyrgyzystanda her ýyl 9-njy sentýabrda “Gopuz gün” uludan bellenýär.

Habarlar