unus-emre-dowrune-degisli-bolan-lybaslary-we-sopucylyk-pelsepesini-gurru-beri

Ýunus Emre döwrüne degişli bolan lybaslary we sopuçylyk pelsepesiniň gürrüñ berilýän suratlaryñ orun alýan “Gel Gör Meni” atly surat sergi açyldy.

Ýunus Emräniñ doglan günüñiñ 700 ýyllygy mynasybetli yglan edilen “Ýunus Emre we Türkçe dili” ýyly çäginde Medeniýet we Syýahatçylyk Ministirligi, Milli Bilim Ministirligi, Halkara Medeniýet Guramasy TÜRKSOÝ, Ýunus Emre Instituty, Atatürk Medeniýet, Dil we Taryh Guramasy we Ankara kämilleşdirme Institutyñ bilelikdäki hyzmatdaşlygy bilen şol döwürde geýilen lybaslar we Ýunus Emräniñ pelsepesini gürrüñ berýän suratlaryñ orun alýan “Gel Gör Meni” atly sergi açyldy.

14 Haziran 2021 22:48

TÜRKSOÝ-uñ ýer eýeçiliginde açylan sergä TÜRKSOÝ-uñ baş sekretary Düsen Kaseinow, Medeniýet we Syýahatçylyk ministriñ orunbasary Serdar Çam we köp sanda myhman gatnaşdy.

Serdar Çam eden çykyşynda 2021-nji ýylyñ Hajy Bektaş Weliniñ dünýeden ötüşiniñ 750-nji ýyly, Ahi Ewranyñ bolsa doglan gününiñ 650-nji ýyllygy bolandygyny nygtap “Ser salanymyzda biri-biri bilen baglanyşygy bolan ägirt uly ruhy baýlygyñ içinde orun alýarys. Bu beýik adamlaryñ döreden uly medeniýetiñ we hazynanyñ üstünde orun alýarys"- diýdi.

Serdar Çam, “Ýunus Emre we Türkçe dili” ýyly çäginde 81 welaýatda we dünýäniñ 81 ýurdunda 1800-den aşa çäre gurnaljakdygyny we Türk dünýäsiniñ sungatyny, medeniýetini gürrüñ berjek gysga metražly kino-film festiwalynyñ gurnaljakdygyny habar berdi.  

TÜRKSOÝ-uñ baş sekretary Düsen Kaseinow eden çykyşynda TÜRKSOÝ-uñ Türk dünýäsiniñ medeniýet hazynalaryny tanyşdyryş çärelerine dowam edýändigini nygtap “ Hoja Ahmet Ýasawynyñ ýakan uçgun  Horosanda ataşa öwrüldi. Ýunus Emre, Möwlana, Hajy Bektaş Weli, Pir Soltan we ençeme beýik danalar bu yşk odynda ýylandylar we Ahmet Ýasawynyñ görkezen ýolunda dowam etdiler”-diýdi.

Kaseinow, “Ýunus Emre, gadymy Anadoly topraklarynyñ başda durmagynda tutuş Türk dünýäsine uly miras, ýatdan çykmajak yz galdyrdy. Asyrlar boýy ýürekden ýürege geçen goşgulary bilen ýüreklerimizde baky ýaşar”-diýdi.

Çykyşlardan soñ Ýunus Emräniñ döwrüne degişli lybaslaryñ we sopuçylyk pelsepesiniň suratlaryny öz içine alýan "Gel meni gör" atly sergi açyldy.

 

 

Habarlar