ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Kiprde saparda bolar

Pompeo DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy we Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen duşuşar

1331963
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Kiprde saparda bolar

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo 7-nji ýanwarda Kipre gider.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýanata görä, ýanwar aýynyň 3-7-si aralygynda Ukrainada, Belarusda, Gazagystanda we Özbegistanda saparda boljak Pompeonyň soňky duralgasy bolsa Kipr bolar.

Pompeo saparynyň çäginde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy we Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen duşuşar.

Akynjy we Anastasiadis bilen duşuşjak Pompeo, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna laýyklykda, iki jemgyýetli federassiýa hökmünde Kipriň birleşmegi üçin edilýän tagallalara ABŞ-nyň goldaw berýändigini beýan eder.

 

 

 



Degişli Habarlar