Aliýew: “Azerbaýjanyň we Türkiýäniň edere iňňän köp işi bar”

Azerbaýjanyň Preizdenti Ilham Aliýew ýudunyň we Türkiýäniň edere iňňän köp işiniň bardygyny aýtdy

1317379
Aliýew: “Azerbaýjanyň we Türkiýäniň edere iňňän köp işi bar”

Aliýew iş sapary bilen Bakuwa baran Ulaglar we infsrastruktura ministri Mehmet Jahit Turhany kabul etdi.

Prezident R.T.Erdogan bilen 30-nji noýabrda Trans Anadoly Tebigy Gaz Turba Geçirijisi Taslamasynda (TANAP) Azerbaýjan tebigy gazynyň Gresiýa akdyrylmagy üçin guralan dabara gatnaşandygyny ýatladan Aliýew, onuň dostluk taslamasydygyny aýtdy.

Iki ýurduň arasynda transport pudagynda-da üstünlikli hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini aýdan Aliýew, Baku-Tibilisi-Kars demir ýolunyň taryhy taslamalardan biridigini, ýurdunyň Türkiýäniň üstaşyr Aziýa we Ýewropa birigendigini beýan etdi.

Baku-Tibilisi-Kars demir ýoly bilen ýük gatnawynyň barha artýandygyny, Orta Aziýa ýurtlaryndan, Hytaýdan we Owganystandan gelýän ýükleriň şol ugur bilen dünýä bazarlaryna çykarylýandygyny nygtan Aliýew; “Elbetde ol Türkiýe bilen Azerbaýjanyň jebisligi we dostlugy saýasynda mümkin boldy. Ol biziň pozisiýamyzy berkidýär, güýjümizi artdyrýar” diýdi.

Türkiýede tehnologik ösüşiň ýokary depginde dowam edýändigini, senagat we maglumatlar tehnologiýalary pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny aýdan Aliýew: “Türkiýede ylmy potensial hem ýokary. Biz bu ugurda-da ýygy hyzmatdaşlyk etmek isleýäris. Gysgaça aýdanymyzda edere iňňän köp işimiz bar” diýdi.

Ulaglar we infrastruktura ministri Turhan bolsa Azerbaýjanyň gazanýan üstünliklerine hoşallyk bildirdi.

Azerbaýjanyň syýasy we jemgyýetçilik durnuklylygy ykdysady we gumanitar baýlyga öwürendigini aýdan Turhan: “Türkiýe we Azerbaýjan şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan beýläk hem ähli ugurlarda işleşmäge dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar