Aliýew: "Duşmany topraklarymyzdan kowduk" diýdi

Ilham Aliýew Daglyk Garabagda ýaşaýanlaryň Azerbaýjanyň raýatlarydygyny belledi

1537514
Aliýew: "Duşmany topraklarymyzdan kowduk" diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, duşmany öz topraklaryndan kowandyklaryny, täze bir hakykat döredendiklerini, her kimiň bu hakykaty kabul etjekdigini belledi. 

Prezident Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň goşuny tarapyndan topraklaryň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilmegi bilen baglanşykly beýanat berdi. 

Daglyk Garabagda ýaşaýanlaryň Azerbaýjanyň raýatlarydygyny aýdan Ilham Aliýew: "Olar Azerbaýjan döwletinde durmuşlarynyň has gowy boljakdygyna göz ýetirerler" diýip beýan etdi. 

Fransiýanyň Senadynyň, Daglyk Garabag Respublikasyny ykrar edýän kararynyň hem üstünde durup geçen Aliýew: "Fransiýanyň Senadynyň biziň içerki meselelerimiz bilen näme arabaglanşygy bar? Örän isleýän bolsalar Marsel şäherini ermenilere bersinler, ol ýerde olara döwlet esaslandyrsynlar" diýip nygtady.



Degişli Habarlar