Aliýew Maduro Bilen Wideo Konferensiýa Ulgamy Arkaly Duşuşdy

Aliýew iş sapary bilen Azerbaýjana baran Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduro bilen wideo konferensiýa ulgamy arkaly duşuşdy.

1845003
Aliýew Maduro Bilen Wideo Konferensiýa Ulgamy Arkaly Duşuşdy

 

Azerbaýjanyň Prezidenti iş sapary bilen Azerbaýjana baran Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduro bilen wideo konferensiýa ulgamy arkaly duşuşdy.

Aliýew Wenesuelanyň wekiliýetiniň agzalarynyň koronawirus testleriniň pozitiw çykmagyndan soň Maduro bilen wideo konferensiýa ulgamy arkaly duşuşdy.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannamaa görä duşuşkda iki ýurduň Arabaglanşyksyz hereketiniň başda durmagynda ençeme halkara guramalarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýandikleri nygtalyp, Wenesuelanyň Azerbaýjanyň Arabaglanşyksyzlar hereketindäki başlyklygynyň möhletiniň ýene-de bir ýyl uzaldylmagyna berýän goldawyna üns çekildi.

Wenesuelanyň Ermenistan-Azerbaýjan düşnüşmezliginiň Azerbaýjanyň territorial bitewiligine laýyklykda çözülmegine elmydama goldaw ebrendigini nygtan Ilham Aliýew, düşnüşmezligiň çözülendigini we Azerbaýjanyň adalaty, halkara hukugy we territorial bitewiligi gaýtadan dikeldendigini nygtady.

Aliýew Azerbaýjan bilen Wenesuelanyň elmydama birek-biregiň özygtyýarlylygyna we garaşsyzlygyna goldaw berendiklerini, onuň dowam etjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar