Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda bir ofiser şehit boldy

Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda dowam edýän ýaragly çaknyşykda Azerbaýjanyň goşunyndan uly leýtenant çinli bir ofiser şehit boldy

1453980
Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda bir ofiser şehit boldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, serhediň Towuz sebitinde düýn başlan çaknyşyklaryň gije boýunça dowam edendigi habar berildi.

Dowam edýän ýaragly çaknyşykda uly leýtenant çinli ofiseriň şehit bolandygy habar berildi.

Azerbaýjanyň goşunynyň gije toplar, taňklar we granatamýotlar bilen garşylyk görkezip guran hüjümlerinde Ermenistanyň goşunyna degişli söweşjeň liniýalaryň, artilleriýa batareýalaryň we harby ulglaryň ýok edilendigi aýan edildi.

Beýanatda Ermenistan tarapynyň adam ýitgileri baradaky maglumatlary gizleýändigi habar berildi. Ýagdaýyň Azerbaýjanyň goşunynyň gözegçiligi astyndadygy, duşmana garşy garşylyk görkezilip, jeza berilýändigi mälim edildi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistanyň goşunyna degişli ýerleriň birine guralan hüjümiň dronlar bilen alynan wideo ýazgysyny paýlaşdy.

Ermenistanyň goşuny düýn serhediň Towuz sebitinde Azerbaýjanyň goşunyna toplar bilen hüjüm gurapdy. Azerbaýjanyň goşunynyň garşylyk görkezmegi bilen Ermenistan tarapy ýitgiler sebäpli yza çekilipdi.

Ýaragly çaknyşykda Azerbaýjan tarapyndan 3 esger şehit bolupdy, 4 esger ýaralanypdy.



Degişli Habarlar