Azerbaýjan: "Ermenistan serhede harby güýç ornaşdyrýar" diýdi

Azerbaýjan Ermenistanyň goşunynyň serhetde harby güýç ornaşdyrýandygyny habar berdi

2122561
Azerbaýjan: "Ermenistan serhede harby güýç ornaşdyrýar" diýdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, soňky wagtlarda Ermenistanyň goşunynyň iki ýurduň serhetleriniň tapawutly sebitlerinde işjeň hereket edýändiginiň we harby güýç ornaşdyrýandygynyň anyklanandygyny habar berdi. 

Beýanatda Ermenistanda Azerbaýjana uruş bilen hemle atýan ar alyjy güýçleriň has işjeňleşendigi we agressiw ritorikalaryň we öjükdiriji habarlaryň sanynyň köpelendigi aýan edildi. 

Beýanatda: "Ermenistanyň goşunynyň islendik harby prowokasiýa synanyşygy Azerbaýjan goşuny tarapyndan tutanýerlilik bilen öňi alynar. Ýagdaýyň dartgynlaşmagynyň we bolmagy ähtimal prowokasiýalaryň ähli jogapkärçiliginiň dolulygyna Ermenistana we oňa goldaw berýänlere degişli boljakdygyny ýene-de bir gezek yglan edýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar