Azerbaýjan Ermenistana çagyryş berdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Memmedýarow, Daglyk Karabag meselesi babatynda Ermenistana çagyryş berdi

1278298
Azerbaýjan Ermenistana çagyryş berdi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda çykyş eden Memmedýarow, Ermenistan bilen başdan geçirilýän we çözgüde gowuşmadyk Daglyk Karabag meselesiniň halkara parahatçylyga we howpsyzlyga wehim salmaga dowam edýändigini habar berdi.

Geçen ýyl geçirilen maslahatdan bäri Daglyk Karabag meselesiniň çözüwi bilen baglanşykly hiç hili öňe gidişligiň edilmändigini aýdan Mammedýarow, Ermenistanyň perwaýsyzlygynyň, meseläniň çözüwine böwet bolýandygyny mälim etdi.

Elmar Memmedýarow Ýeriwanyň hem sözleri hem-de aksiýalary bilen etaby öz gözegçiliginden çykarandygyny we meselä iň gysga wagtda parahatçylykly ýollar bilen çözüwe ýetirmek tagallalaryny sabotaž edýändigini aýan etdi.

Mammedýarow, Ermenistanyň sebitdäki öjükdiriji we duşmançylykly syýasatyny bes eden halatynda bu syýasatlary sebäpli başyndan geçirýän uly syýasy, ykdysady we sosial ýüküň hötdesinden örän çalt ýagdaýda gelip biljekdigini habar berdi.

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bolsa, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda eden çykyşynda, Azerbaýjanyň Daglyk Karabag meselesi boýunça ylalaşmak islemeýändigini nygtap geçipdi.



Degişli Habarlar