Azerbaýjan garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyny belläp geçýär

Azerbaýjanda 18-nji oktýabr, 1992-nji ýyldan bäri her ýyl milli baýram hökmünde bellenilip geçirilýär

1290336
Azerbaýjan garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyny belläp geçýär

 

1918-nj ýylyň 28-nji maýynda Mehmet Emin Resulzadeniň ýolbaşçylygynda Milli Şura tarapyndan garaşsyzlygyny yglan edilen, 2 ýyl soň Sowet soýuzy tarapyndan basylyp alynan Azerbaýjan, 1991-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda ýaňadandan garaşsyzlygyny yglan etdi.

Azerbaýjanlylar 70 ýyl sowet hâkimiýeti astynda ýaşasalar hem bir wagtlar Gündogaryň ilkinji demokratik respublikasy hökmünde kabul edilen, dinine, milletine, messebine we jynsyna garamazdan ähli raýatlaryna deň hukuklygyny beren döwlete eýediklerini asla ýatdan çykarmady.

Sowet goşunynyň 1990-njy ýylyň 20-njy ýanwarynda paýtagt Bakuda we beýleki welaýatlarda aýal-erkek we çaga diýmezden eden gyrgynçylygy, Azerbaýjanyň halkynyň, Sowet hökümetine bolan ynamyň azalmagyna sebäp boldy we ýurduň garaşsyzlygyna tarap barýan etabyň depginini güýçlendirdi.

Azerbaýjanyň Ali Sowetinde (Ýokary Geňeşi) 1991-nji ýylyň 30-njy awgustynda garaşsyzlygyň yglan edilmegi baradaky jarnama kabul edildi.

1991-nji ýylyň sentýabr aýynda Sowet soýuzyndan aýrylyp garaşsyzlygyň yglan edilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy we Ali Soweti tarapyndan 1991-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda “Azerbaýjanyň Respublikasynyň garaşsyz döwletdigi hakyndaky taslama sesleriň köplügi bilen kabul edildi.

Kabul edilen taslamada, Sowetler basypalyjy hökmünde häsiýetlendirildi we Azerbjaýnyň 1918-nji ýylda gurlan respublikasynyň dowamydygy yglan edildi.

Ali Sowetiniň karary 1991-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ähli halk sese goýulşygyna hödürlendi we ähli halk sese goýulşygynda halk ýurduň garaşsyzlygy üçin ses berdi.

Azerbaýjanda 18-nji oktýabr, 1992-nji ýyldan bäri her ýyl milli baýram hökmünde bellenilip geçirilýär

 

 

 

 



Degişli Habarlar