Azerbaýjan koronawirus sebäpli Eýran serhedini ýapdy

Azerbaýjanda Eýrana gidip gelen 2 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy

1369148
Azerbaýjan koronawirus sebäpli Eýran serhedini ýapdy

Azerbaýjan koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Eýran serhedini ýapdy.

Azerbaýjanda koronawirusa garşy täze döredilen topar tarapyndan berlen beýanatda, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Eýran serhediniň 2 hepde möhlet bilen ýapylandygy nygtaldy.

Azerbaýjanda bolan Eýranyň raýatlarynyň we Eýranda bolan Azerbaýjanyň raýatlarynyň ýurtlaryna dolanmaklary üçin koridoryň açyljakdygy bellenildi

Beýleki tarapdan Azerbaýjanda Eýrana gidip gelen 2 adama wirusyň ýokaşandygynyň anyklanylandygy habar berildi.

Ady agzalýan hassalaryň karantin astyna alynandygy nygtaldy.

Azerbaýjanda koronawirus ilkinji gezek düýn ýüze çykypdy.

Eýrandan Azerbaýjana gelen Russiýanyň raýaty bolan 1 adam wirus sebäpli karantin astyna alnypdy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar