Azerbaýjan Türkiýä gynanç bildirdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Türkiýe-Yrak serhedinde dowam edýän operasiýalarda şehit bolan esgerler üçin Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akara we Baş ştabyň başlygy Ýaşar Gülere gynanç bildirdi

1187081
Azerbaýjan Türkiýä gynanç bildirdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, gynanç hatynda doganlyk Türkiýe Respublikasynyň Yrak serhedinde alyp barýan terrora garşy operasiýalarynda ýogalan we ýaralanan esgeriň bardygy baradaky maglumaty uly gynanç bilen alandyklaryny habar berdi.

Şehit esgerler üçin Alladan rehnet, ýaralanan esgerleriň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dilän Hasanow: “Siziň gussaňyz, biziň gussamyzdyr. Terrora garşy göreşde doganlyk Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýanyndadyrys we ähli güýjümiz bilen goldaýarys” diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar