Azerbaýjanda “Ganly ýanwar” pajygasynyň gurbanlary hatyralanýar

Azerbaýjanda garaşsyzlygyň simwolyna öwrülen we taryha “Ganly ýanwar” hökmünde geçen 20-nji ýanwar gyrgynçylygynyň gurbanlary hatyralanýar

1344062
Azerbaýjanda “Ganly ýanwar” pajygasynyň gurbanlary hatyralanýar

Azerbaýjanlylar 1990-njy ýylda başdan geçirilen gyrgynçylykda pida bolanlary hatyralamak üçin Bakuwyň Şehitler bagyna bardylar.

Şehitligiň öňünde uzyn nobatlar emele gelen bolsa, gubyrlara gyzyl güller goýulyp, dogalar okaldy.

Prezident İlham Aliýew hem döwlet işgärleri bilen hatyralama çaresine gatnaşdy.

Azerbaýjanyň döwlet senasynyň ýerine ýetirilen hatyralama çäreinde Aliýew Bakyt ot ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Ýerli wagt boýunça sagat 12:00-da ähli şehitler üçi 1 minutlyk hormatly dymyşlyk edildi.

Şol pursat Hazar deňiziniň kenaryndaky gämiler, metronyň otlulary, awtobuslar hem signallaryna basdylar.

1990-njy ýylyň başynda ermenileriň güýçlenýän ýer talaplaryna we Sowet dolanşygyna reaksiýa bildirmek isleýän müňlerçe Azerbaýjanlylar Bakuwyň Azatlyk meýdanynda jemlenşdiler we uzak möhletli mitinglere başladylar.

Mitingleri dargatmak maksady bilen 20-nji ýanwarda Bakuwyň dürli etraplaryna giren 26 müňden ybarat Sowet goşuny zenanlar we çagalar bilen bilelikde asuda ilatdan 147 adamy gyrýar, ýüzlerçe adamy ýaralaýar.

Şehitler ýüzlerçe müň adamyň gatnaşmagynda gyzyl güller bilen häzirki Şehitler bagyna jaýlanýar.

Azerbaýjanlylar 30 ýyldan bäri her ýylyň 20-nji ýanwarynda ellerinde 20-nji ýanwar gurbanlarynyň simwolyna öwrülen gyzyl güller bilen şehitlige barýarlar.



Degişli Habarlar