Azerbaýjanda Türk Geňeşiniň liderler maslahaty geçiriler

Maslahatyň çäginde ilki bilen şu gün Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçiriler

1287583
Azerbaýjanda Türk Geňeşiniň liderler maslahaty geçiriler

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygynda ertir geçiriljek Türk Geňeşiniň liderler maslahatyna Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Gyrgysyztanyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow we Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew gatnaşar.

Türk Geňeşine synçy ýurt hökmünde gatnaşýan Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen gurama agza bolmasada guramanyň çärelerine işjeň ýagdaýda gatnaşýan Türkmenistanyň resmisi Pürli Agamyradow hem maslahata gatnaşar.

Maslahatyň çäginde ilki bilen şu gün Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçiriler. Maslahata Türkiýä Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly wekilçilik eder.

Esasy temasy “Kiçi we orta ululykdaky kärhanalaryň ösdürilmegi” bolan maslahatyň çäginde agza ýurtlaryň ykdysadyýetden jogapkär ministrleriň gatnaşmagynda şu gün Türk Geňeşiniň işewürler forumy geçiriler. Şu gün Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň guramaçylyk etmeginde Bütindünýä Türk işewürler geňeşiniň maslahaty hem geçiriler.

Käbir syýasy aladalar sebäpli ençeme ýyllap Türk Geňeşine agza bolmadyk Özbegistanyň gurama agza bolmak ugrunda kabul eden karary, ertir resmi ýagdaýa getiriler we Özbegistan şol seneden başlap guramanyň agzasy bolar.



Degişli Habarlar