Azerbaýjanyň Goşunlary 28 Ýyl Soň Laçyna Girdi

Ermenistan düýn ýerli wagt bilen 24.00-da Laçyn welaýatyndan çekildi.

1537217
Azerbaýjanyň Goşunlary 28 Ýyl Soň Laçyna Girdi

Azerbaýjanyň goşunlary 28 ýyllyk ermeni basyp alyşlygyndan soň Laçyna girdi.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Russiýanyň töwellaçylyk etmeginde geçen aý gazanylan ylalaşyga laýyklykda Kelbejeri we Agdamy boşadan Ermenistan, düýn hem  ýerli wagt bilen 24.00-da Laçyn welaýatyndan çekildi.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda 5 şäher merkeziniň, 4 şäherçäniň we 286 obanyň azat edilendigi sebäpli Ermenistan ýeňilendigini kabul edipdi. Basyp alyşlyk astyndaky Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlarynyň boşadylmagy meselesinde ylalaşyk gazanylypdy.

Ermenistanyň goşunlary 20-njy noýabrda Agdamdan, 25-nji noýabrda bolsa Kelbejerden çekilipdi.

 



Degişli Habarlar