Azerbaýjanyň goşuny basyp alyşlykdan azat edilen Laçyn şäherine baýdak dikdi

1992-nji ýylda basylyp alynan Laçyn welaýatyna 28 ýyl soň giren Azerbaýjanly esgerler, şäheriň merkezine baýdak dikdiler

1537454
Azerbaýjanyň goşuny basyp alyşlykdan azat edilen Laçyn şäherine baýdak dikdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden paýlaşylan wideo ýazgyda, şähere giren esgerleriň serkerdesi, Laçyn şäherinde baýdak dikilen binanyň öňünde Prezident Ilham Aliýewe ýüzlenip eden çykyşynda: "Hormatly Baş serkerdämiz, Azerbaýjanyň baýdagy Laçyn şäherinde pasyrdaýar. Ýaşasyn Azerbaýjan. Ýaşasyn Baş serkerde. Garabag Azerbaýjandyr" diýip belledi. 

Azerbaýjanyň goşunynyň 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynyň çäginde 5 şäheriň merkezini, 4 şäherçäni we 286 obany azat etmeginden Ermenistan ýeňilişini kabul edipdi, basyp alyşlyk astyndaky Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlaryny hem boşaltjakdygyny kabul edýän şertnama gol çekipdi. 

Ermenistanyň goşuny 20-nji noýabrda Agdamdan, 25-nji noýabrda Kelbejerden, düýn bolsa Laçyndan çekildi. 



Degişli Habarlar