Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlyklygyna Sahibe Gafarowa saýlandy

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň täze başlygy, hökümetiň başyndaky Täze Azerbaýjan partiýasynyň dalaşgäri bolan Sahibe Gafarowa boldy

1375688
Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlyklygyna Sahibe Gafarowa saýlandy

Azerbaýjanyň Milli Mejlisi, 9-njy fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlis saýlawlaryndan soň, ilkinji maslahatyny geçirdi.

Prezident Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda geçen ilkinji maslahatda, Milli mejlisiň başlygy we başlygyň orunbasarlary kesgitlendi.

Hökümetiň başyndaky Täze Azerbaýjan partiýasy tarapyndan dalaşgär hökmünde hödürlenen 55 ýaşyndaky Sahibe Gafarowa, 125 orunlyk mejlisde 116 deputatyň sesini alyp, Milli mejlisiň başlygy wezipesine saýlandy.

Milli mejlisiň täze başlygy Gafarowa, ozal hem Şemkir sebitinden mejlise deputat hökmünde saýlanypdy.

Syýasy durmuşyna başlamadan ozal tapawutly uniwersitetlerde mugallym we ýolbaşçy bolup işlän Gafarowa, döwrebap rus we amerika edebiýatlary boýunça hünärmen hökmünde tanalýar.

Filologiýa boýunça hünärmen bolan Gafarowanyň ýazan 70-den gowrak eseri we kitaby bar.



Degişli Habarlar