Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Mejlisi bes etmek hakynda karar kabul etdi

Täze Azerbaýjan Partiýasy Mejlisiň işiniň bes edilmegi üçin Aliýewe ýüz tutupdy

1318462
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Mejlisi bes etmek hakynda karar kabul etdi

Prezidentiň Diwanyndan berilen beýannama görä Mejlisiň 5-nji çagyrlyşyny bes eden Aliýew möhletinden irki saýlawyň 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilmegi hakynda karary tassyklady.

Azerbaýjanda hâkimiýet başyndaky Täze Azerbaýjan partiýasynyň işlegine laýyklykda parlament, parlamentiň işiniň bes edilmegi we möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi üçin Prezident Aliýewe ýüz tutupdy.

Aliýew ýüz tutmany Ýokary kazyýetiň garamagyna hödürläpdi, kazyýet parlamentiň işiniň bes edilmeginiň Konstitutsiýa bap gelýändigini beýan edipdi.

Azerbaýjanda parlament saýlawlary 2015-njiýylyň 1-nji noýabrynda geçirilipdi we Prezident Aliýewiň ýolbaşçylyk edýän Täze Azerbaýjan partiýasy 125 agzaly mejlisde 71 kürsi eýeläp, esasy köpligi eýe bolupdy.

 



Degişli Habarlar