Bakuda Türkiýe-Azerbaýjan-Gazagystan Daşary işler we Transport ministrleriniň maslahaty geçirildi

Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-Azerbaýjan-Gazagystanyň döwletleriniň Daşary işler we Transport ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

1848822
Bakuda Türkiýe-Azerbaýjan-Gazagystan Daşary işler we Transport ministrleriniň maslahaty geçirildi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli galla önümleriniň ýüklenen tankerleriň portlardan çykyp bilmezlikleri bilen baglanşykly: "Dowamly we howpsuz aragatnaşyk liniýalarynyň nähili derejede ähmiýetlidigine bu krizisde ýene-de bir gezek göz ýetirdik" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tileuberdi bilen Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Türkiýe-Azerbaýjan-Gazagystan Daşary işler we Transport ministrleriniň maslahatyndan soň bolan metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

Mewlüt Çawuşogly üçtaraplaýyn formatdaky maslahatyň ilkinji gezek geçirilýändigini, geçirilen duşuşyklarda transport bilen bagly meseleler bilen birlikde sebitleýin meseleleriň hem maslahatlaşylandygyny mälim etdi. 

Ukraina-Russiýa söweşi sebäpli emele gelen galla söwdasy bilen bagly meseleleriň hem üstünde durup geçen Çawuşogly: "BMG bilen meseläni çözmek üçin giň gerimli tagalla edýäris. Dowamly we howpsuz aragatnaşyk liniýalarynyň nähili derejede ähmiýetlidigine bu krizisde ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Şol sebäpli milli we sebitleýin mümkinçiliklerimizi artdyrmak üçin möhüm maýa goýumlar amala aşyrdyk we mundan soň hem ýerine ýetirmäge dowam ederis. Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly, Baku-Tbilisi-Jeýhan turba liniýasy, TANAP ýaly taslamalar sebitimiziň durkuny täzeledi" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky tapgyry goldaýandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Azerbaýjanyň günbatar sebitleri bilen Nahiçewanyň arasynda arabaglanşygy ýola goýjak Zengezur koridoryny güýçli ýagdýada goldaýarys we koridoryň iň gysga wagtda açylmagyna garaşýarys" diýip aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Türkiýe-Azerbaýjan-Gazagystan Daşary işler we Transport ministrleriniň ilkinji maslahatynda, Hazar deňizi üstaşyr Gündogar-Günbatar orta koridorynyň mümkinçiliginiň özgerdilmegi ele alyndy. 

Üç ýurdyň wekiliýetleriniň maslahatyndan soň Çawuşogly, Baýramow we Tileuberdi Baku beýannamasyna gol çekişdiler. 



Degişli Habarlar