Budapeştde Türki Dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Ofisi Açylar

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň tanyşdyryş ofisi açylar

1272182
Budapeştde Türki Dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Ofisi Açylar

Paýtagt Budapeştde geçiriljek açylyş dabarasyna Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Sziýýarto, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Mämmedýarow, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Muhtar Tlewberdi we Türk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew gatnaşar.

Saparyň çäginde ministrler Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban tarapyndan kabul ediler.

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada bolsa: “2014-nji ýylda Türki dilli döwletleriň Parlamentarlar assambleýasyna, 2018-nji ýylda bolsa Türk geňeşine we Türk akademiýasyna synçy agza bolan Wengriýa bilen Türk geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk ofisiniň açylmagy bilen konstruktiw derejede ösmäge dowam eder” diýilýär.

 



Degişli Habarlar