DKTR-da aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 3 adam ýogaldy

Iki günden bäri aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli köp sanly öý, iş ýeri we ulag suwyň aşagynda galdy

1101800
DKTR-da  aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 3 adam ýogaldy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 3 adam ýogaldy.

DKTR-da iki günden bäri aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli köp sanly öý, iş ýeri we ulag suwyň aşagynda galdy.

Düýn gije sil sebäpli Doganköý çaýyna gaçan ulagdan 3 adamyň jesedi çykaryldy.

Dereksiz ýitenleriň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Girnede myhmanhanada kömege garaşýan syýahatçylar hem ýangyn söndürüjü ulaglar bilen halas edildi.

Ýagyşlaryň şu gün dowam etjekdigi sebäpli halka has ünsli bolmaklary üçin duýduryş berildi

Mekdeplerde okuwlara bir günlük arakesme berildi.

 


Etiketkalar: #sil apaty , #DKTR , #jeset

Degişli Habarlar