DKTR-de Prezident saýlawy yza süýşürildi

DKTR-de Prezident saýlawy 11-nji oktýabra süýşürildi

1381513
DKTR-de Prezident saýlawy yza süýşürildi

DKTR-nyň Respublikan mejlisi, 26-njy aprelde geçirilmegi meýilleşdirilen Prezident saýlawynyň täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy görülýän çäreler sebäpli 11-nji oktýabra süýşürilmegi barada karara geldi. 

DKTR-nyň Respublikan Mejlisi, Ýokary saýlaw geňeşiniň ozal 26-njy aprelde geçirilmegi barada karara gelen Prezident saýlawynyň yza süýşürilmegi bilen bagly maslahat geçirdi. 

Ilki bilen Hukuk, syýasy we daşary gatnaşyklar komitetinde ara alynyp maslahatlaşylan we bir agyzdan kabul edilen teklip, soň bolsa Respublikan Mejlisinde deputatlaryň garamagyna hödürlendi. 

Karar taslamasy maslahatda 2 deputatyň garşy ses bermegine garamazdan 41 ses bilen kabul edildi. 

Kabul edilen karara görä, Prezident Mustafa Akynjy, saýlaw geçirilýänçä çenli öz wezipesini dowam etdirer. 


Etiketkalar: #saýlaw , #Prezident , #DKTR

Degişli Habarlar