DKTR-nyň Premýer ministri Türkiýe-Liwiýa ylalaşygy bilen bagly beýanat berdi

DKTR-nyň Premýer ministri Ersin Tatar, Anadoly habarlar gullugyna Türkiýe-Liwiýa deňiz serhet ylalaşygy bilen bagly beýanat berdi

1321678
DKTR-nyň Premýer ministri Türkiýe-Liwiýa ylalaşygy bilen bagly beýanat berdi

DKTR-nyň Premýer ministri Ersin Tatar, Türkiýäniň Ortaýer deňiziniň gündogaryndaky deňiz giňişliginiň ygtyýarynyň çäklendirilmegi bilen bagly DKTR-den soň Liwiýa bilen hem baglaşmagynyň meselä aýratyn bir ähmiýet berendigini beýan etdi.

Ersin Tatar, grekleriň Ortaýer deňiziniň gündogarynda birtaraplaýyn häsýetde hereket edep, halkara kärhanalar we käbir ýurtlar bilen Kiprli türkleri hasaba alman işler geçirmeginiň eýýäm ençeme wagt bäri gün tertipdedigini habar berdi.

Ersin Tatar, greklere ençeme gezek sebitdäki baýlyklaryň derňelmegi, munyň üçin bir toparyň döredilmegi we bu toparyň kararlar bermegi bilen bagly teklip bildirendiklerini, emma her gezek olardan oňaýsyz jogap alandyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar