“Doganlyk ýurt Türkiýäniň üsti bilen koronawirusyň ilkinji anyklaýyş enjamlary Bakuwa getirildi"

Azerbaýjanda Kowid-19 sebäpli 87 adam hasaba alyndy, 1 adam ýogaldy, 10 keselli sagaldy

1384416
“Doganlyk ýurt Türkiýäniň üsti bilen koronawirusyň ilkinji anyklaýyş enjamlary Bakuwa getirildi"

Azerbaýjanyň Saglygy goraýyş ministri Oktaý Şireliýew,  enjamlaryny Türkiýäniň goldaw bermeginde alandyklaryny aýtdy.

Oktaý Şireliýew, mesele hakynda beren beýanatynda, görlen çäreleriň netijesinde ýurtda koronawirus ýokaşanlaryň sanynyň artmagynyň öňüni alandyklaryny belledi.

Ilkinji günlerde täze koronawirusyň anyklaýyş işleri üçin birnäçe ýurtda enjamyň bolmandygyny ýatladan Şireliýew “Doganlyk ýurt Türkiýäniň üsti bilen enjamlar Bakuwa getirildi. Ilkinji keselliler hem şol enjamlar arkaly anyklanyldy” diýdi.

Azerbaýjanda häzire çenli Kowid-19 sebäpli 87 adam hasaba alyndy, 1 adam ýogaldy, 10 keselli sagaldy. 3-i 18 ýaşyna ýetmedik 76 keselliniň bolsa bejergisi dowam edýär.


Etiketkalar: #Azerbaýjan , #enjam , #anyklamak

Degişli Habarlar