“Doneski we Lugansky Ykrar Etmeris”

Tokaýew, Russiýanyň San Peterbug şäherinde geçirlen Halkara Ykdysadyýet forumynyň 25-nji maslahatyna gatnaşdy.

1845113
“Doneski we Lugansky Ykrar Etmeris”

Gazagystanyň Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew, “Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Donesk we Lugansk halk respublikalaryny ykrar etmejekdiklerini aýtdy.

Tokaýew, Russiýanyň San Peterbug şäherinde geçirlen Halkara Ykdysadyýet forumynyň 25-nji maslahatyna gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatdan eden çykyşynda, Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşiginiň Aziýa we Ýakyn Gündogar bazarynda uly paý almalydygyna ünsi çekdi.

Tokaýew, “Hiç hili peýdasy bolmadyk sanksiýalaryň ýerine Aziýa we Ýakyn Gündogar bazarlaryndan uly paý almak üçin has işjeň söwda syýasaty alnyp barylmaly. Bu ýerde Gazagystan uly rol oýnap biler” diýdi.

Žurnalistleriň, Gazagystanyň, Donesk we Lugansk meselesinde alyp barýan tutumy hakyndaky soraglaryna jogap beren Tokaýew, “Haýsydyr bir halkyň öz gelejegini kesgitlemek hukugy dünýäde kabul edilen bolsady onda BMG-na agza bolan döwletleriň sany 193 däl eýsem 600-den geçerdi. Şol sebäpli ne Taýwany, ne Kosowany ne-de Günorta Osetýany ykrar etdik. Edil şonuň ýaly Doneski we Lugansky hem ykrar etmeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar